site builder

2026 Döwrebap Ulag - Ähli hukuklar goralan

Mobirise

Logistika pudagy...

Logistika häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülip, ýurtlaryň we yklymlaryň arasynda harytlaryň, serişdeleriň hem-de maglumatlaryň üznüksiz hereketini üpjün edýär. Bu düşünjäniň giňden ulanylýandygyna garamazdan, köp adam «logistika» düşünjesiniň hakyky manysyny doly düşündirip bilmeýär.

Häzirki zaman düşünjesinde logistika — başlangyç nökadyndan ahyrky alyja çenli ýükleriň hereketini meýilleşdirmek, daşamak, saklamak we paýlamak proseslerini toplumlaýyn dolandyrmak ulgamydyr. Onuň esasy maksady — harytlaryň hereketini tiz we iň az çykdajy bilen netijeli guramakdyr.

Emma logistikanyň taryhy häzirki zaman ulag ulgamlary we halkara söwda ýüze çykmazdan has öň başlanýar. Onuň ösüşi harby işleriň, döwletleriň kemala gelmeginiň we adamlaryň, serişdeleriň hem-de enjamlaryň uly göwrümde hereketini guramak zerurlygynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr.

Logistika nädip döredi? Bu ylmyň başynda kimler durdy we ol nähili ýagdaýda häzirki zaman telekeçiliginiň möhüm gurallarynyň birine öwrüldi?

Logistikanyň taryhyna syýahat

Logistikanyň taryhy birnäçe müň ýyl mundan ozal başlanýar we söwdanyň, harby işleriň hem-de serişdeleri dolandyrmagyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Gadymy döwürlerde harytlaryň, azyk önümleriniň we enjamlaryň zerur ýere we wagtynda eltilmegini üpjün etmek üçin olaryň hereketini dogry guramak zerur bolupdyr.

«Logistika» sözüniň özi gadymy grek dilinden gelip çykypdyr. Ol grek dilindäki «logistikos» sözi bilen baglanyşykly bolup, «hasaplamak sungaty», «pikir ýöretmek» ýa-da «hasaplamalar bilen bagly» diýen manylary aňladýar. Ilkibaşda bu düşünje serişdeleri dolandyrmak we hasaplamalary geçirmek ukyplaryny beýan etmek üçin ulanylypdyr.

Logistikanyň ýüze çykmagynyň sebäpleri

Logistika Gadymy Müsürde ýurduň ykdysadyýetini we uly taslamalary üpjün edýän tejribe hökmünde ýüze çykypdyr:

· Asyryň gurluşyklary -  Daşlaryň Aşuana şäherinden ýüzlerçe kilometr uzaklyga, Nil derýasy we kanallar arkaly eltilmegi, şeýle hem piramidalary gurýan on müňlerçe gurluşykçynyň iýmit, agyz suwy we ýaşaýyş jaýy bilen üznüksiz üpjün edilmegi.

· Nil - baş hab (wekilçilik) -  Obeliskli ýük barjalaryny göni gurluşyk meýdançalaryna eltmek üçin derýanyň daşmagyndan peýdalanylmagi.

· Azyk ätiýaçlyklaryny dolandyrmak - Gurak geçen ýyllarda açlygyň öňüni almak üçin galla önümleriniň döwlet ammarlaryna jemlenmegi we kätibler tarapyndan olaryň takyk hasabatynyň ýöredilmegi. 

Häzirki zaman dünýäsinde logistika

Häzirki wagtda logistika dünýä ykdysadyýetiniň iň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Ol diňe bir ýük daşamak bilen çäklenmän, eýsem harytlaryň hereketiniň ähli tapgyrlaryny — ýol ugurlaryny meýilleşdirmekden we ýük daşamalary guramakdan başlap, olary saklamak, gümrük resmileşdirilişini geçirmek we ahyrky alyja eltip bermek ýaly prosesleri toplumlaýyn dolandyrmagy öz içine alýar.

Häzirki zaman logistika ýol aralygy, möhletleri, önümleriň aýratynlyklaryny we müşderiniň talaplaryny göz öňünde tutup, ýükleri daşamagyň iň netijeli usullaryny saýlamaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda dürli ulag görnüşleri: awtoulag, demir ýol, deňiz we howa ulaglary ulanylýar.

Biznesiň dünýä derejesinde ösýän şertlerinde ähli kompaniýalar dürli sebitlerdäki we ýurtlardaky üpjün edijiler hem-de müşderiler bilen yzygiderli iş alyp barýarlar. Şonuň üçin ygtybarly ulag infrastrukturasynyň bolmagy we logistika prosesleriniň netijeli dolandyrylmagy häzirki zaman kärhanalarynyň üstünlikli işlemegi üçin möhüm şertleriň birine öwrüldi.

Häzirki wagtda logistika haýsy bir ýüküň diňe bir nokatdan beýleki nokada geçirilmegi däldir. Ol kärhanalara çykdajylary azaltmaga, iş netijeliligini ýokarlandyrmaga we üpjünçilik tapgyrlaryny durnukly alyp barmaga kömek edýän toplumlaýyn ulgamdyr.